Russiýanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň Liderleri Wladimir Putiniň, Si Szinpiniň hem-de Donald Trampyň duşuşygy 19-njy noýabrda Şençžende düýn başlanan ATES-iň (Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy) sammitiniň meýdançasynda bolar. Bu mesele boýunça ylalaşyk gazanyldy diýip, RF-niň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow habar berdi. «Reuters» agentligi ABŞ-nyň döwlet Baştutanynyň üçtaraplaýyn duşuşykda ýadro ýaraglaryny kemeltmegi ara alyp maslahatlaşmakçydygyny habar berdi. Emma amerikan lideriniň wekiliniň pikiriçe, Birleşen Ştatlar bu mesele babatda haýsydyr bir ylalaşygyň gazanyljakdygyna umyt bildirmeýär diýlip, habarda bellenýär. Öz gezeginde «MIR 24» Şençžende geçjek sammit wagtynda köçelerde tertip-düzgüni robot-poliseýleriň hem gorajakdygyny habar berdi. Habarda ýany robot itli mehaniki gumanoidleriň hakyky poliseýler bilen egin-egne diräp tertip-düzgüne gözegçilik etjekdikleri aýdylýar.