Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 428 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Latwiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri bugdaý ununy, buýan köküni we baldagyny, nah ýüplügi, nah matany, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklaryny satyn aldylar. Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 115 million 516 müň manatdan gowrak bolan, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, pagta ýagyny, bugdaý ununy, aýna gaplaryny, pagta lintini satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→