Türkmen emini Timur Gulmyradow 2026-njy ýylda geçiriljek kenarýaka futboly boýunça Aziýa kubogynyň ýaryşynda («AFC Beach Soccer Asian Cup 2026») emin hökmünde gatnaşar. Ýaryş 2026-njy ýylyň 18–28-nji noýabry aralygynda Taýlandyň Phangnga welaýatynda geçiriler. Duşuşyklar «Ban Nam Khem Beach Soccer Stadium» we «Memories Beach Arena» stadionlarynda geçiriler. Bu ýaryş Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) 2027-nji ýylda geçiriljek kenarýaka futboly boýunça dünýä çempionatyna Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFC) tarapyndan guralýan resmi saýlama ýaryşydyr. Aziýa kubogynyň iň gowy üç topary dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi Eýranyň milli ýygyndysydyr. Timur Gulmyradow 2023-nji ýyldan bäri AFC-niň saýlantgy eminleriniň sanawyna girýär. Ol kenarýaka futboly boýunça Aziýa kubogynyň ýaryşynda eýýäm üçünji gezek emin hökmünde çykyş eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→