Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň hormatyna 35 sany ahalteke bedewine atlanan ýigitler ýurduň ähli welaýatlaryna hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edip, kesgitlenen menzilleri geçýärler. 12-nji noýabrda ýurduň Lebap welaýatynda badalga berlen «Amul — Hazar» atly ýörişiniň üçünji gününde ýörişe gatnaşyjylar Mary welaýatyna geldiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Ýörişe gatnaşýan atlaryň ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Şeýlelikde, 14-nji noýabrda «Amul — Hazar» atly ýörişine gatnaşyjy atlylarymyz Mary welaýatynyň çägine girdiler. Gadymy Mary topragynda atly ýörişe gatnaşyjylar ýollaryny dowam edip, welaýatyň Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň golaýynda gurnalan 2-nji düşelgä bardylar. 15-nji noýabrda bolsa atly ýörişe gatnaşyjylar «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda düşlediler. Ýeri gelende bellesek, atly ýöriş üçin kesgitlenilen umumy geçilmeli aralyk 1 müň 755 kilometrdir. Şonuň 108 kilometri Lebap, 461 kilometri Mary, 473 kilometri Ahal, 33 kilometri Daşoguz, 680 kilometri bolsa Balkan welaýatynyň çäginden geçer.