Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan öz ýurdunyň geljegini Ýewropa Bileleşigine agza bolmakda görýär. Ol bu barada «Men ýene 20 ýyldan Ermenistany Ýewropa Bileleşigiňiň düzüminde görýärin» diýip, Dublin şäherindäki Halkara we ýewropa işleri institutynda çykyşynda aýtdy diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar. Öň 5-nji noýabrda Nikol Paşinýan Ýerewanyň Ýewraziýa ykdysady bileleşiginden çykmak meýliniň ýokdugy, ýöne 2027-2028-nji ýyllarda ÝB-a agza bolmak üçin ýüz tutmakçydygy barada beýanat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→