Türkmenistan Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisine gatnaşýar. Mejlis 15-nji noýabrda öz işine başlady. Bu mejlis YHG-a agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýär diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda gatnaşyjy döwletleriň wekilleri YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Gatnaşyjylar guramanyň sekretariatynyň we pudaklaýyn düzümleriniň alyp barýan işleri baradaky hasabatlara gararlar, şeýle hem sebitiň uzak möhletleýin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän strategik resminamalary ara alyp maslahatlaşarlar. Geçirilýän mejlisiň esasy maksady Yslamabat jemleýji komýunikesiniň taslamasyny we beýleki resminamalary jikme-jik işläp taýýarlamakdan, ylalaşmakdan hem-de olary YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde garamak we tassyklamak üçin taýýarlamakdan ybaratdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→