Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen birlikde Wise-premýer dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, şeýle hem Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi. Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýetiň ugurlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmegiň maliýeleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.