Argentinaly hünärmen Maurisio Poçettino Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň baş tälimçisi bolmaga razylyk berdi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi. 54 ýaşly tälimçi täze wezipesine 18-nji noýabrda girişer. «Mançester Ýunaýted» ABŞ-nyň Futbol federasiýasy bilen Poçettinonyň we onuň tälimçiler toparynyň ýurduň milli ýygyndysyndaky işinden boşadylmagy barada ylalaşdy. Klub 12-nji noýabrda Maýkl Kerrigiň baş tälimçi wezipesinden çekilendigini yglan edipdi. Poçettino 2024-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2025-nji ýylda geçirilen KONKAKAF altyn kubogynyň finalyna çykdy. Mundan ozal argentinaly hünärmen «Çelsi», «Tottenhem», «Sautgempton», «Espanýol» we PSŽ klublaryna tälimçilik edipdi. Parižiň klubunyň düzüminde Fransiýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. «Tottenhem» bilen Çempionlar ligasynyň finalyna çykypdy we Angliýanyň Liga kubogyny eýeläpdi. Angliýanyň çempionatynyň 10 tapgyryndan soň «Mançester Ýunaýted» 8 utuk toplap, 18-nji orny eýeleýär. Häzirki ýagdaýda topar iň ýokary diwiziondan çykmak howpy abanýan toparlaryň hatarynda durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→