Russiýanyň garyşyk söweş sungatynyň (MMA) türgeni Usman Nurmagomedow Abu-Dabide UFC-niň iň ýeňil agram derejesinde öňki çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwili bilen uruşanlygynyň netijesinde Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) alty aý möhlet bilen tussag edildi. Bu barada TASS agentligi habar berýär. Mundan öň Abu-Dabiniň polisiýasy myhmanhananyň girelgesiniň öňünde bolan urşa gatnaşan adamlaryň tussag edilendigini habar berdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, tussag edilenleriň arasynda Usman Nurmagomedow hem bar. Wakany wideo düşüren ýene iki adam hem saklandy. Derňew materiallary prokuratura iberildi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, uruşuň öň ýanynda oňa gatnaşan adamlaryň arasynda birnäçe gezek dawa-jenjel bolup geçipdir. Çarşenbe güni Merab Dwalişwili Usman Nurmagomedowyň dostlary bilen bilelikde myhmanhananyň eýwanynda özüne we tanyşyna hüjüm edendigini mälim etdi. Şol wagt gruziýaly türgen «Real American Freestyle» (RAF) promouşeniniň wekillerine interwýu beripdir. Dwalişwili ýüzüniň gana bulaşan ýagdaýyny görkezýän wideony hem paýlaşdy. Asly gruzin bolan ispaniýaly türgen Ilýa Topuriýa uruşdan soň Usman Nurmagomedowyň tussag edilendigini habar berdi. BAE-niň jenaýat kanunçylygyna laýyklykda, köpçülik ýerlerinde bolup geçýän uruşlar, taraplaryň biri-biriniň üstünden arz edip-etmezligine garamazdan, jemgyýetçilik tertibine we şahsy howpsuzlyga garşy jenaýat hasaplanýar. 2025-nji ýylyň ýanwarynda Merab Dwalişwili UFC 311 ýaryşynda eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Usman Nurmagomedowyň uly dogany Umar Nurmagomedowy ýeňip, çempionlyk guşagyny gorapdy. 2026-njy ýylyň oktýabrynda bolsa Abu-Dabide geçirilen UFC 333 ýaryşynyň çempionlyk ugrundaky tutluşygynda ol russiýaly Pýotr Ýandan asgyn ýeňildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→