Amerikanyň «Microsoft» korporasiýasynyň ulgamynyň işinde dowam edýän ählumumy näsazlyk 74 ýurdy öz içine aldy. Bu barada meşhur internet-resurslaryň işjeňligini yzarlaýan «Downdetector» serwisine salgylanýan TASS habar berdi. Şeýle näsazlyk barada habarlaryň 12-nji noýabrda agşam bary-ýogy bir sagadyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelip gowşandygy bellenýär. Ýagny Microsoft 365, Copilot, Teams we OneDrive hyzmatlarynyň işindäki bökdençlikler barada habarlar 100 esse artypdyr. Şeýle-de koprorasiýa degişli bolan Xbox, GitHub we LinkedIn hyzmatlarynyň işleýşinden şikaýatlar gelipdir, emma olaryň sany az bolupdyr. Arz-şikaýatlaryň 30 göterime golaýy ABŞ-nyň paýyna degişli diýlip, habarda bellenýär.