Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda dürli medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi medeni diplomatiýa arkaly dünýäniň ýurtlary, hususan-da Ýewropa döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. Myhmanlaryň Aşgabatda muzeýlere, şäheriň gözel ýerlerine, şol sanda häzirki wagtda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda dowam edýän «Ene tebigat» atly sungat sergisine baryp görmekleri meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→