Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde alyp barýan işini ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy aýratyn bellenildi. Şol bir wagtda, Türkmenistan bilen Günorta Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýurduň daşary syýasatynda ähmiýet berilýär. Pakistan Yslam Respublikasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Bu babatda 1995-nji ýylda Yslamabat şäherinde geçirilen YHG-nyň 3-nji sammitiniň jemleýji resminamasynda bu guramanyň agza döwletleriniň Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýoluny goldandygy aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 15-16-njy noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Pakistan Yslam Respublikasynda geçiriljek YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi.