Yslamabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçiriler. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dowamly ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara topary ähmiýetli gural bolup durýar. Bu babatda häzirki wagtda şu ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde geçiriljek Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisine taýýarlyk işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Yslamabat şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany, şunuň bilen baglylykda, bu ugurda taýýarlanylan resminamalara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Gol çekilen resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.