13-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa we BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarly gol çekdiler. Ähtnamanyň esasy maksady häzirki wagtda aýratyn goldawa mätäç bolan adamlara — bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara we ilatyň beýleki goraga mätäç toparlaryna ýardam bermekden ybaratdyr. Resminamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bu adamlara kömek berer, olaryň hukuklary we mümkinçilikleri barada maglumat berer, tejribe alyşar, şeýle hem işgärler we meýletinçiler üçin okuwlary geçirer. Mundan başga-da, zerurlyk ýüze çykan halatynda dessin we sazlaşykly hereket etmek maksady bilen, mümkin bolan adatdan daşary ýagdaýlara bilelikde taýýarlyk görmek hem Ähtnamada aýratyn göz öňünde tutulýar. Mahir Safarly Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde häsiýetlendirip, Ähtnama gol çekilmeginiň bilelikdäki işleri has-da netijeli alyp barmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Maral Açylowa bolsa Milli jemgyýetiň işiniň Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň esasy ýörelgelerine daýanýandygyny nygtap, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň jemgyýet üçin örän möhümdigini aýtdy. Türkmenistan 1951-nji ýyldaky Bosgunlaryň derejesi hakyndaky Konwensiýa, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýy bilen bagly iki konwensiýa goşulan Merkezi Aziýadaky ilkinji ýurt boldy. Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen birnäçe ýyldan bäri, şol sanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak ugrunda hem hyzmatdaşlyk edip gelýär. Indi bu işe Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem resmi taýdan goşulýar.