Halkara Energetika agentliginiň başlygy (HEA) Fatih Birol Türkiýede BMG-niň howa boýunça sammitinde (COP31) «The Guardian» neşiri bilen söhbetdeşlikde dünýäniň kömri, nebiti hem-de gazy yzda galdyryp, elektrik eýýamyna ymykly gadam basandygyny aýtdy. Birol dünýä ykdysadyýetinde elektrik togunyň önümçiliginiň iki esseden hem artandygyny belledi. Bu gazylyp alynýan energiýa çeşmeleriniň nyrhlarynyň üýtgäp durmagy hem-de olaryň daşamalaryndaky bökdençlikler bilen baglylykda bolup geçýär. «Biz öňkümiz ýaly nebit we gaz ulanarys, emma esasy energiýa çeşmesi elektrik togy bolar» diýip, ýolbaşçy nygtady. HEA-nyň başlygynyň sözlerine görä, elektrikleşdirmegi ilerledýän üç sany ýagdaý bar, olar: EA üçin maglumatlary işlemek merkezleriniň sanynyň artmagy; ählumumy howa derejesiniň ýokarlanmagy bilen bagly serginledijileriň önümçiliginiň köpelmegi; elektrik ulaglary pudagynyň ösüşidir. Şunda ulaglar görülmedik depginde elektrikleşdirilýär. Halkara Energetika agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Hytaýyň çäginden daşarda elektrik ulaglarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 60 göterim ýokarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→