Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundan uzak bolmadyk ýerden, ýagny Türkmenabat şäheriniň Garagum bilen araçäginden «Amul — Hazar» atly ýörişine badalga berildi. Atly ýörişe 35 sany bedew gatnaşdyrylýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan ýörişe gatnaşyjylar Jeýhun ýakasyndaky şäheriň eteginden dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Ýurduň ähli welaýatlaryna, Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýigitler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýunda Awaza baryp ýeterler. Ýoluň uzynlygy 1 müň 755 kilometre deň bolar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→