Gyrgyzystanyň Konstitusion kazyýetiniň öňki kazysy Klara Sooronkulowa öz-özüňi hödürlemek tertibinde ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin resmi bellige alyndy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Gyrgyzystanda Prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriler.