Karz edaralary ilatyň we kärhanalaryň erkin pul serişdelerini dürli görnüşli bank goýumlaryna çekip, şol serişdeleri ykdysady işjeňligiň zerur ugurlaryna gönükdirmek ýaly möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Şeýlelikde, milli puluň ykdysady dolanyşykdaky hereketiniň netijeliligi ýokarlanýar. 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, karz edaralarynda ýerleşdirilen serişdeleriň düzüminde ilatyň goýumlarynyň galyndysy 5,9 milliard manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20,3 göterim ýokarlandy. Ilatyň goýumlarynyň çekilen serişdeleriň düzüminde tutýan paýy 10,4 göterime ýetdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.