Häzir Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň täze tapgyryna gadam basmagy milli manadyň ykdysadyýetdäki ornunyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirýär diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, milli pul toplumy 60,3 milliard manat bolan bolsa, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, bu görkeziji 77,0 milliard manada ýetip, 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryna görä, 27,6 göterim ýokarlandy. Munuň özi ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat kärhanalaryny döretmek, hususy telekeçiligi ösdürmek, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, bank ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek hem-de halkara ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu işleriň netijeliligi, ilkinji nobatda, maliýe we bank ulgamynyň işiniň durnuklylygy bilen baglydyr diýlip, makalada bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→