«Iş Nokady» bilim merkezi «Kent State University Florence» uniwersitetiniň «Foundation Course» taýýarlyk maksatnamasyna kabul edişlik yglan edýär. Bu maksatnama şu ýyl daşary ýurt ýokary okuw mekdebine girmäge ýetişmedik, ýöne wagtyny ýitirmek islemeýän ýaşlar üçin niýetlenendir. Taýýarlyga eýýäm 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak mümkin. Maksatnama nämeden ybarat? «Foundation Course» bir ýarymýyllyk (semestr) dowam edýär, ýöne doly bahaly «Foundation Year» (taýýarlyk ýyly) hökmünde hasaba alynýar. Talyplara taýýarlyk üçin tutuş bir ýyl sarp etmegiň zerurlygy ýok. Okuwlar Aşgabatda onlaýn görnüşde geçirilýär, şonuň üçin daşary ýurda göçmek talap edilmeýär. Talyplar iki ugry saýlap bilerler: - International Business (Halkara işewürlik); - Fashion Design & Merchandising (Moda dizaýny we merçandaýzing). Sapaklary «Kent State University» uniwersitetiniň Florensiýadaky hünärmenleri, şol sanda Simone Anselmi we Barbara Guarduççi alyp bararlar. Talyplar Ýewropa bilim ulgamynyň çemeleşmeleri bilen gönüden-göni onuň wekilleriniň üsti bilen tanyşarlar. Maksatnamany üstünlikli tamamlandan soň, talyplar «Kent State University Florence» uniwersitetiniň şahadatnamasyny alarlar. Bu resminama goşmaça taýýarlyk ýylyny okamazdan, göni bakalawr maksatnamasyna okuwa girmäge mümkinçilik berýär. Maksatnamanyň bahasyna Florensiýa dört günlük okuw sapary hem girizilendir. Ol aşakdakylary öz içine alýar: - ussatlyk sapaklary; - Italiýanyň akademiki gurşawy bilen tanyşlyk; - şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy. Maksatnamanyň başlanýan wagty: 2027-nji ýylyň ýanwar aýy. Eger şu ýyl okuwa girmek başartmadyk bolsa, bu halkara bilim almak baradaky arzuwy yza süýşürmäge sebäp däldir. «Foundation Course» maksatnamasy ýakyn aýlary peýdaly geçirmäge we bakalawriata okuwa girmäge ynamly taýýarlanmaga mümkinçilik berýär. Giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri: +993 61 38-64-17; +993 63 48-53-80.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→