Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderleriň sammitiniň umumy mejlisinde çykyş edip, birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu barada TDH habar berýär. «Howa bilen bagly meseleleri çözmekde halkara tagallalary birleşdirmegiň, şeýle hem bu ugurda ählumumy hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň möhümdiginden ugur alyp, Türkmenistan aşakdaky birnäçe başlangyçlary öňe sürýär» diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow 2028 – 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmak boýunça onýyllygy diýip yglan etmegi teklip etdi. Onuň belleýşi ýaly, bu başlangyç halkara jemgyýetçiliginiň döwletleriň howa durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem serişdeleri ýurtlara we sebitlere paýlamak boýunça anyk wezipeleri çözmäge gönükdirilen tagallalaryny jemlemäge mümkinçilik berer. Türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygyň täze, inklýuziw görnüşini — Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny hem öňe sürdi. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda ilkinji halkara duşuşygy 2027-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmek teklip edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä meteorologiýa guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamagy teklip edýär. Bu başlangyjyň esasy maksady howanyň üýtgemegine yzygiderli gözegçilik etmegiň, onuň ýaramaz netijelerine baha bermegiň hem-de oňa uýgunlaşmagyň iň netijeli çärelerini kesgitlemegiň toplumlaýyn maglumat-seljeriş usulyny işläp düzmekden ybaratdyr. Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren nobatdaky başlangyjy howa tehnologiýalaryny hödürlemek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygyň täze görnüşini döretmek bilen baglydyr. Bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa döwrebap tehnologiýalara, innowasion işläp taýýarlamalara we howa maliýeleşdirmesine elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri daşky gurşawy goramak boýunça halkara hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Onuň belleýşi ýaly, bu resminama daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak we tebigy baýlyklardan durnukly peýdalanmak ýaly ugurlarda hereket edýän halkara düzgünleriň, kadalaryň we standartlaryň ulgamlaşdyrylmagyna ýardam berer. Çykyşynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda öz işine başlajakdygyny habar berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň sebit ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürýändigi bellenildi. «Türkmenistan Pariž ylalaşygynyň we ählumumy howa forumlarynda gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny mundan beýläk-de gyşarnyksyz berjaý eder. Biz ähli gyzyklanma bildirýän döwletler we halkara guramalar bilen anyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyrys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 59 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→