Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň nobatdaky 31-nji maslahaty (COP31) geçirilýän wagtynda Türkmenistanyň Hökümeti Çagalar, ýaşlar we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler hakynda Jarnama gol çekdi. Resminama Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew we ÝUNISEF-niň howa we daşky gurşaw boýunça global tejribe ugrunyň direktory, COP31-de ÝUNISEF-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gernot Laganda tarapyndan gol çekildi. Jarnama gol çekmek bilen, Türkmenistan howa syýasatynda we amaly çärelerinde çagalaryň zerurlyklaryny, hukuklaryny hem-de pikirlerini göz öňünde tutmak boýunça borçnamalary öz üstüne aldy. ÝUNISEF-niň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, Türkmenistan Jarnamany goldan 80-den gowrak döwletiň hataryna goşuldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ählisi bu resminama gol çeken döwletlere öwrüldi. Bu bäş ýurt 2026-njy ýylyň aprelinde Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde makullanan «Ýaşyl mekdep» atly Sebitleýin platformany hem bilelikde durmuşa geçirýärler. Onuň esasy maksady sebitiň mekdeplerini has-da ekologik taýdan arassa, howpsuz we howanyň üýtgemegine durnukly bilim ojaklaryna öwürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bu barada şeýle belledi: «Bu ädim Türkmenistanyň ösüp gelýän nesliň bähbitlerini goramak we onuň sazlaşykly ösüşi üçin şertleri döretmek işine üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Ýurdumyzda öňe sürülýän ekologiýa başlangyçlaryna daýanyp, biz klimat bilimine we ýaşlarymyzyň “ýaşyl” gün tertibiniň hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň işjeň gatnaşyjylary bolup çykyş etmegi üçin zerur şertleri döretmäge ileri tutulýan ugur hökmünde garaýarys. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we şu Jarnamanyň ähli düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklaýar». Çagalar, ýaşlar we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler hakynda Jarnama ilkinji gezek 2019-njy ýylda geçirilen COP25 maslahatynda öňe sürüldi. Ol ýaşlaryň özleri tarapyndan kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara esaslanýar. Jarnama hökümetleri birnäçe möhüm ugurlar boýunça anyk çäreleri görmäge çagyrýar. Hususan-da, milli klimat we uýgunlaşma meýilnamalarynda çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça, aýratyn-da, goraga mätäç çagalaryň howpsuzlygyny üpjün edýän taslamalara maýa goýmak, her bir çaganyň klimat bilimi bilen gurşalmagyny gazanmak, şeýle hem ýaşlara howa meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek işine hakyky täsir etmäge mümkinçilik döretmek göz öňünde tutulýar. Jarnama gol çekilmegi Türkmenistanyň çagalaryň we daşky gurşawyň bähbitlerini goramak boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolup durýar. ÝUNISEF-niň goldawy bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň ähli künjeklerindäki 120 mekdepde okuwçylar howanyň üýtgemegi bilen bagly bilimleri öwrenýärler, energiýa we suw serişdelerini tygşytlamak, mekdeplerde howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Şu aýda şol mekdepleriň 18-sine Türkmenistanyň ilkinji «ýaşyl mekdebi» diýen güwänamalar gowşuryldy. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli 500 sany mekdebe «ýaşyl» we howpsuz mekdep derejesini bermek maksat edinilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC 3.0) atly täze resminamasynda çagalar we ýaşlar üçin aýratyn bölüm göz öňünde tutulýar. Bu başlangyçlar ýaş nesliň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak, tebigata aýawly çemeleşmek endiklerini kemala getirmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde olaryň bilimini we jogapkärçiligini artdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem olar ýaşlaryň daşky gurşawy goramak boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→