ABŞ-nyň Çikago unuwersitetiniň professory Uilýam Baude emeli aňyň tutuş ýylyň dowamynda ýazan ylmy işlerini ýok edendigini habar berdi diýip, «Dexerto» ýazýar. Ol «Claude» neýrotorundan konstitusion hukuk boýynça köne ýazgylarynyň sahypalarynyň san belgisini täzelemegi haýyş edip, günortanlyk naharyna gidipdir. Haçanda dolanyp gelende, neýrotoruň bir ýyllyk zähmetini, şeýle-de 2026-njy ýylyň güýzki sapaklarynyň taýýar maksatnamasyny ýok edendigi belli bolupdyr. Iň ýakymsyz tarapy, alym neýrotora asla beýle ýumuş tabşyrman ekeni. Ol soňra «Claude» bilen alşan hatlaryny çap edipdir, onda neýrotor tötänden resminamalary ýok edendigini we dikeldip bilmändigini boýun alypdyr. Professor öz ýazgylarynyň nirä ýok bolandygyny bilmek isläpdir. «Claude» ötünç sorap, iki usuly: faýllary özbaşdak gaýtaryp almagy ýa-da «Dropbox»-daky ätiýaçlyk nusgalardan peýdalanmagy maslahat beripdir. Hernä, professoryň şeýle nusgalary bar ekeni. Oňa ähli resminamalaryny dikeltmek başardypdyr.