Tailand 2027-nji ýylyň ortalaryndan daşary ýurtly syýahatçylardan 450 bat möçberde ýygym alyp başlar. Bu başlangyjyň ýurduň Syýahatçylyk we sport ministrliginde ara alnyp maslahatlaşylmagynyň jemlerine salgylanýan ýerli «Matichon» gazeti habar berdi. Ýurduň syýahatçylyk we sport ministri Surasaka Phançaroenworrakulyň sözlerine görä, alnan serişdeler daşary ýurtly syýahatçylaryň ätiýaçlandyrylmagyna, pudagyň infrastrukturasyny ösdürmäge hem-de tebigy ýadygärlikleri goramaga gönükdiriler. Ministr döwlet býujetinden bölünip berilýän serişdeleriň ýetmeýändigi üçin şeýle başlangyjyň ýola goýuljakdygyny sözüniň üstüne goşdy. Şunda ýygym, esasan, ýurda uçarda gelen syýahatçylara degişli bolar. Gury ýer we suw arkaly gelýän daşary ýurtly syýahatçylardan ýygym almak soňa goýuldy diýip, ministr habar berdi.