10-11-nji noýabr aralygynda Çehiýa Respublikasynyň paýtagtynda Praga prosesiniň Ýokary derejeli wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu maslahat migrasiýa syýasatynyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ygtybarly mümkinçilik döretdi. Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Maslahatyň gün tertibi sebit we ählumumy derejede migrasiýa akymlaryny dolandyrmak ulgamyndaky giň gerimli wezipeleri öz içine aldy. Geçirilen maslahatyň dowamynda Praga prosesiniň 2028 — 2032-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasy maslahatlaşyldy. Şeýle hem maslahatyň meýilnamasyna emeli aň ulgamyny ulanmak hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Maslahata gatnaşyjylar migrasiýa ulgamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→