Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew 11-nji noýabrda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýerine ýetiriji direktory Diene Keýta bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we UNFPA-nyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda emele gelen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. UNFPA-nyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Reproduktiw saglyk, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek we demografik maglumatlar bilen işlemek onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, gender deňligi we demografik durnuklylyk meseleleri aýratyn ara alyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, taraplar ýaşlary ösdürmek meselesi we Türkmenistanyň 2027-nji ýylda hödürlejek Meýletin milli synyna taýýarlyk görmek barada durup geçdiler. Şeýle hem 2027-nji ýylda başlanjak Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparyna başlyklyk etjek döwründäki hyzmatdaşlygyň geljegi barada gepleşikler geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→