Düýn Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarli bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle-de özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler 2024-nji ýylda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda öz çägindäki raýatsyzlygyň ähli ýagdaýlary boýunça işleri üstünlikli tamamlan Türkmenistanyň uly tejribesini aýratyn nygtadylar.