2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Aýlagdaky arap ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Ýewraziýanyň ösüş bankynyň hasabatyna salgylanyp, «Uzdaily» habar berdi. Habarda bellenilişine görä, Merkezi Aziýa dňwletleriniň Aýlagdaky arap ýurtlary bilen özara söwdasy bäş ýylyň içinde dört essä golaý ýokarlandy. Has takygy, bu görkeziji 2020-nji ýyldaky 1 milliard amerikan dollaryna deň bolan bolsa, 2025-nji ýylda 3,9 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, geçen ýyl Merkezi Aziýa bilen Aýlagdaky apar ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 85 göteriminw golaýy Türkmenistan bilen Özbegistanyň paýyna düşýändigini bellemek gerek. Ýeri gelende bellesek, iki sebitiň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň, takmynan, 70 göterimini Aýlag ýurtlaryndan Merkezi Aziýa iberilýän harytlar emele getirýär. Bular esasan maşynlar we enjamlar, ulag serişdeleri, elektronika, derman we himiýa önümleridir. Bank 2030-njy ýyla çenli Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap ýurtlarynyň goşmaça söwda mümkinçiligini 4,9 milliard amerikan dollary möçberinde bahalandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→