Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.