Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar berýär. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş et-di. Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentiň Türkiýäniň döwlet Baştutanyna iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýurtda uly ähmiýet berilýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa iki-taraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Milli Lider ýurtlaryň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wajyp meseleler — halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek babatda goşantlaryny goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler. Duşuşykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki agşamlyk nahary boldy. Munuň özi köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan mizemez türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→