18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň daşary ykdysady işine gatnaşýan hususy taraplara we logistik kompaniýanyň wekillerine gümrük işi boýunça hukuk kömegini bermek maksady bilen, nobatdaky iş maslahatyny geçirýär. Iş maslahaty Aşgabat şäher gümrükhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýär. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Iş maslahatyň barşynda, ýurtdan eksport edilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň hukuk esaslary hem-de gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi, halkara ýük daşamalaryna bildirilýän talaplar, şeýle hem gümrük işinde sanly ulgamy ulanmak boýunça täze girizilen düzgünler we gümrük işi bilen bagly soraglar boýunça hukuk kömegi berler. Başlaýan wagty: 10:00 Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäher gümrükhanasynyň mejlisler zaly (Halkara gümrük terminaly) Iş maslahaty boýunça özüňizde gyzyklandyrýan soraglar boýunça «Sorag-jogap» hyzmatynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz. Telefon belgisi 39-41-39.