Beýik Britaniýadan bolan ýazyjy Jon Harrison 2026-njy ýylyň «Buker» baýragyna «Ählisiniň soňy» (The End of Everything) romany üçin mynasyp boldy diýip, baýragyň saýtyna salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Eserde syrly heläkçilikden soňky durmuş barada gürrüň berilýär. Harrisona baýragy hem-de 50 müň funt möçberdäki pul sylagyny geçen ýylda baýragyň ýeňijisi bolan Dewid Salem gowşurdy. «Buker» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 9-njy noýabrda Londonda geçdi. Baýrak alan pursady Harrisonyň 81 ýaşy doldy, şunlukda, ol «Bukeriň» taryhynda iň uly ýaşly ýeňiji boldy. Ýazyja ýeňiş getiren romany onuň 13-nji iri göwrümli kyssa eseridir.