Gyrgyzystanyň döwlet Baştutany Sadyr Žaparow 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçjek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin öz kandidaturasyny hödürledi. Bu barada Respublikanyň Merkezi saýlaw toparyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi. «Şu gün, 10-njy noýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparow saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topara Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin öz-özüňi teklip etmek tertibinde arza bilen ýüz tutdy» diýlip, habarda bellenýär. 10-njy noýabra çenli Merkezi saýlaw toparyna alty sany ýüztutmanyň gowşandygy aýdylýar. Saýlawlarda dalaşgärleri hasaba almak möhleti 12-nji noýabrda dolýar. Saýlawlara gatnaşmak üçin ýüz tutanlaryň hatarynda Ishak Masaliýew («Gyrgyzystanyň kommunistleri» partiýasynyň lideri); Syýmyk Žapykeýew (Gyrgyzystanyň Maliýe polisiýasynyň öňki ýolbaşçysy); Aýmen Kasenow (Rus-gyrgyz ösüş gaznasynyň öňki agzasy); Azamat Esenbekow (Çuý welaýatynyň etraplarynyň biriniň öňki häkimi) hem-de Akaý Kydyrow (işewürlik jemgyýetiň wekili) bar.