Türkmenistan Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) 2028 — 2031-nji ýyllar üçin Strategik meýilnamasynyň taslamasyny goldaýandygyny tassyklady. Bu barada ýurduň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Dohada geçirilen HTB-niň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynda (PP-26) eden çykyşynda mälim etdi. Ministriň sözlerine görä, ählumumy baglanyşyk, sanly deňsizligi azaltmak we durnukly sanly özgertmeleri çaltlandyrmak ykdysady ösüşde hem-de jemgyýetçiligiň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Şeýle-de ol halkara standartlary utgaşdyrmakda, radioýygylyk spektrini ulanmagy ylalaşmakda we ösüp barýan ýurtlara tehniki kömek bermekde HTB-niň ähmiýetini belledi. Ýolbaşçy bileleşik bilen onuň agzalarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy berkitmegiň döwrebap hem-de inklýuziw sanly çözgütleri has giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady. Halkara hyzmatdaşlygy barada durup geçmek bilen, Hudaýgulyýew Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatyny aýratyn belläp geçdi. Ýewraziýanyň logistika ugurlarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýändigi sebäpli ýurt halkara sanly kommunikasiýalary ösdürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda serhetüsti optiki süýümli geçirijileri çekmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Aşgabadyň telekommunikasiýa infrastrukturasynyň, kiberhowpsuzlygyň we emeli aňy ulanmagyň çäginde täze hyzmatdaşlyklara taýýardygy beýan edildi. Ministr 2022-nji ýylda geçirilen Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatdan bäri ýurduň Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny ýerine ýetirmekde birnäçe uly ösüşleri gazanandygyny ýatlatdy. Ýokary tizlikli internete elýeterlilik giňeldilýär, esasy optiki süýümli ulgamlar döwrebaplaşdyrylýar, döwrebap maglumat merkezleri gurulýar, 5G ykjam aragatnaşygy ornaşdyrylýar, elektron hökümet we sanly maliýe hyzmatlary ösdürilýär. Çetki sebitleriň ýaşaýjylary üçin aragatnaşygyň elýeterliligine aýratyn üns berilýär. Wajyp ugurlaryň arasynda ol aragatnaşygy, teleýaýlymy we maglumat geçirmegi üpjün edýän «TürkmenÄlem 52.0°E» milli hemrasynyň ulanylmagyny agzap geçdi. Türkmenistan hemra kommunikasiýalary babatynda tejribesini paýlaşmaga we bu serişdeleriň binýadynda hyzmatdaşlara täjirçilik hem-da infrastruktura hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyr. Şeýle hem ministr ýurtdaky «Smart City» konsepsiýasy boýunça gurlan ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadag şäheriniň taslamasy barada gürrüň berdi. Onda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, emeli aň we zatlaryň interneti (IoT) binýadyndaky çözgütler giňden ulanylýar. Türkmenistan innowasion şäherleri taslamakda, gurmakda we ulanmakda halkara tejribesini alyşmaga gyzyklanma bildirýär. Çykyşynyň ahyrynda Hudaýgulyýew ýurduň HTB-niň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlylygyny hem-de howpsuz, elýeterli we durnukly sanly geljek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→