Liwiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy kätip wezipesine dalaşgärleri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar: rus we iňlis dillerini ýazuw hem-de gepleşik görnüşinde erkin bilmeli, kompýuterden we Microsoft Office (Word, Excel, Outlook, PowerPoint) maksatnamalar toplumyndan oňat baş çykarmak, şeýle hem edara enjamlaryny ulanmagy başarmaly. Arap ýa-da beýleki daşary ýurt dillerini bilmek artykmaçlyk hasaplanýar. Hünär başarnyklarynyň hatarynda işewürlik hat alyşmalaryny alyp barmagyň kadalaryny we diplomatik edep düzgünlerini bilmek, telefon arkaly gepleşikleri geçirmek, gelýän we iberilýän hat-habarlary kabul etmek hem-de degişli ugurlar boýunça paýlamak, şeýle hem duşuşyklary, maslahatlary we myhmanlary kabul etmek çärelerini guramak tejribesi görkezilýär. Dalaşgärlerden jogapkärçilikli, takyk, sypaýy, dartgynly ýagdaýlarda özüni alyp başarmaga ukyply bolmak, gizlinlik düzgünlerini we diplomatik sypaýylygy berjaý etmek hem talap edilýär. Kätibiň esasy wezipe-borçlary: gelýän telefon jaňlaryny, hatlary we resminamalary kabul etmek hem-de işläp taýýarlamak; rus we iňlis dillerinde işewürlik hat alyşmalaryny alyp barmak; resminamalary, maglumatnamalary we gündelik hat-habarlary terjime etmek; duşuşyklaryň tertibini düzmek we myhmanlary kabul etmegi guramak; ilçihananyň edarasynyň işini administratiw we tehniki taýdan üpjün etmek. Suraty goşulan, rus ýa-da iňlis dilinde taýýarlanan terjimehaly (CV) şu elektron poçta salgysyna ibermeli: libembassy24@gmail.com.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→