Ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Biziň baş maksadymyz mukaddes Watanymyzy, ene topragymyzy, merdana halkymyzy jany-teni bilen söýýän, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak giň gözýetimli hakyky watançy nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Özara tejribe alyşmaga, okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleriň döredilýän ajaýyp döwründe ýaşaýanlygymyz üçin begenjimiziň çägi ýokdur. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir» diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu ajaýyp sözlerini şygar edinip, Watanymyzyň her bir raýatyna okamagyň, öwrenmegiň eziz – Diýarymyzyň şan-şöhratyny arşa götermekdigini düşündirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Jemgyýetde raýatyň giň dünýägaraýyşly, düşünjeli bolmagy, onuň çagalygyndan alan sowadyna, bilimine baglydygyny unutmaly däldiris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir. Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, ýaş nesle berilýän bilimdir terbiýäniň has kämil bolmagy üçin biz işimizi täzeçe guramalydyrys, nesil terbiýesine öz halal zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. Ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilim, asylly terbiýe almaklary, döwrümize, döwletimize, jemgyýete wepaly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasly zähmet çekmeklidiris. Başlangyç synp okuwçylarynyň döredijilikli işlemek başarnyklaryny kämilleşdirmekde, milli däp-dessurlarymyza, merdana ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine wepalylygy terbiýelemekde, okuwa düşünjeli garaýşy, okamaga bolan höwesi terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny peýdalanmagyň ähmiýeti örän uludyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän gymmatly eserler, eziz Watanymyzyň taryhyna, şuglaly şu gününe we nurana geljegine göz ýetirmäge, merdana milletimiziň beýikligine hem-de mukaddes türkmen topragynyň egsilmez gymmatyna düşünmäge ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar. Halkyň taryhyna, edebiýatyna, diline we medeniýetine belent sarpa goýýan Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän setirleri, jümleleri okamak, olaryň manysyny-mazmunyny öwrenmek möhümdir. 2024-2025-nji okuw ýylynda Arkadag şäheriniň bilim müdirligi tarapyndan «I-IV synplarda okuwçylara berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak» diýen tema esasynda başlangyç synp mugallymlary bilen geçirilen usuly-amaly okuw halypa-şägirtligi ýola goýmak maksady bilen gurnaldy. Oňa şäherimiziň orta mekdeplerinden 40-dan gowrak diňleýji gatnaşdy. Men hem şol usuly-amaly okuwda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar–Watanyň daýanjy» atly baý many-mazmunly kitabynyň 13-nji sahypasyndaky «Gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, öz kärdeşlerime - başlangyç synp mugallymlaryna 33 ýylyň dowamynda toplan gowy zatlarym, ýagny, ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilimdir asylly terbiýe bermekde peýdalanýan usullarym we tärlerim dogrusynda giňişleýin maglumat berdim. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň üsti bilen ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek; Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynyň many-mazmunyny başlangyç synp okuwçylaryna öwretmek; öwüt-ündew maglumatlaryndan peýdalanmagyň ähmiýeti; innowasion tehnologiýalardyr okuw-görkezme esbaplar arkaly okuwçylaryň işjeňligini ösdürmek; öwrediji oýunlaryň ulanylyşy; okuwçylaryň arassa we dürs ýazmak, şahsy pikirini erkin beýan edip bilmek başarnyklaryny kämilleşdirmek; okaýşyny we sözleýiş medeniýetini ösdürmekde tekst bilen işlemegiň dürli usullaryndan peýdalanmak; çagalar bagy bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny ýola goýmagyň usullary; I synp okuwçylaryna milli türkmen elipbiýini kämil öwretmekde okatmagyň başarjaňlyk çemeleşmesinden we sanly serişdelerden peýdalanmagyň ähmiýeti; okuwçylarynyň bilim derejelerini barlamakda, berkitmekde barlagnamalardan (testden), soragnamalardan peýdalanmak; okuwçylaryň logiki pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmegiň usullary; okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berjaý etmegi öwretmek; başlangyç synplarda hepdelikleri geçirmek; zehinli okuwçylary ýüze çykarmakda milli mirasymyzdan, dünýä tejribesinden peýdalanmagyň usullary barada (okuw ýylynyň birinji ýarymynda 24, ikinji ýarymynda hem 24 sagadyň dowamynda) (her hepdäniň çarşenbe güni sagat 14.00-dan 16.00-a çenli aralykda) geçilen sapaklar mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Arkadag şäheriniň bilim müdirligi tarapyndan başlangyç synp mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmekde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen sapaklara yzygiderli gatnaşmak ýola goýuldy. Ol hem yhlas bilen işleýän mugallymlary ýüze çykarmakda özüniň oňat netijelerini berdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanyndaky: «Dünýäde çagadan gymmatly zat ýokdur. Ony özüni hem, ýene müňlerçe adamlary hem bagtly edip biler ýaly terbiýelemeli» (166-njy sah.) diýen ajaýyp jümlelerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilim, asylly terbiýe almaklary, döwrümize, döwletimize, jemgyýete wepaly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasly zähmet çekýän ýerimiz bolan mekdep biziň ikinji öýümizdir. Şol mukaddes ojaklaryň hem görki, begenji çagadyr. Çaga – durmuşyň güli. Olar biziň şu günümiz, ertirimiz, geljegimiz. Çaga – ynsanyň bagty, geljegine nur çaýýan miwesi, daragty. Hut şonuň üçin hem, bagtyýar zamanamyzda çagalaryň durmuşynyň her bir pursatynyň manyly geçmegi üçin aladalanmak mekdep mugallymlarynyň iň uly we esasy borçlarynyň biri bolup durýar. Okuwçylaryň dynç alyş rugsat günlerini gyzykly hem manyly geçirmekleri üçin okuw ýylynyň dowamynda ata-eneler bilen gurnalýan ýygnaklarda mugallymlar giňişleýin durup geçýärler. Mysal üçin, her hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna güni bir sagat çaganyň gyzyklanýan ugry boýunça goşmaça sapaklary okamagy; sişenbe, penşenbe, şenbe güni sport bilen meşgullanmagy; ýekşenbe güni muzeýe (seýilgähe, şäheriň gözel ýerlerine we ş. m.) gezelenje gitmegi maslahat berýärler. Okuw merkezlerinde alnyp barylýan işler, aýdym-saz, tans, haly we ş. m. döredijilik gurnaklary, dynç alyş rugsat günlerinde mekdepde gurnalýan goşmaça sapaklar bilimli, zehinli okuwçylaryň kemala getirmegine giň ýol açýar. Mekdebiň 1-nji synpyna gelýän 6 ýaşly körpeler täze bir dünýä düşen ýaly bolýarlar. Olaryň mekdep durmuşyna tiz öwrenişmekleri üçin awgust aýynda mugallymlar oýunlar bilen utgaşdyryp, tehniki serişdelerdir görkezme esbaplary, suratlary ýerlikli ulanyp goşmaça sapaklary guramalydyrlar. 4-nji synpy tamamlap, 5-nji synpda okap başlaýan okuwçylar birbada başlangyç synp mugallymlaryndan uzaga gidip bilmeýärler. Her arakesmede öz eziz, mähriban mugallymlaryny görmäge gelýärler. Okuwçylaryň täze bellenen synp ýolbaşçylary hem-de ders mugallymlary bilen öwrenişmekleri üçin ata-eneleriň mekdep bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy zerurdyr. Olar öz çagalarynyň bilim derejesini, tertibini ünsden düşürmeli däldirler. Güneşli diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýan çagalar üçin ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä derejesine laýyk gelýän döwrebap kompýuter, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen häzirki zaman mekdepleri we çagalar baglary, şonuň bilen bir hatarda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle uly mümkinçilikleriň döredilýän ajaýyp döwründe mekdep okuwçylarynyň etrap, şäher, döwlet möçberinde hem-de halkara derejede geçirilýän çärelere, bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri görkezmegi başarmagy mekdep mugallymlarynyň gujur-gaýratlaryny, zehin-yhlaslaryny gaýgyrman çekýän zähmetleriniň ýerine düşýänligini aňladýar. Ýaş nesle berilýän bilimdir terbiýäniň has kämil bolmagy üçin biz işimizi täzeçe guramalydyrys, nesil terbiýesine öz halal zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. Watanymyzyň her bir raýatynyň eşretli durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi bilen baglanyşykly çäksiz mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy, «Watana bolan söýgüsi» üçin medalynyň eýesi, zähmet weterany Mämmetgulyýewa Ogulşirin Amanmyradowna

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 50 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→