Dilewar adamlary ýewropa ýurtlarynda orator diýip atlandyrýarlar. Orator latyn sözi bolup, geplemegi, gepleýän adamy aňladýar. Sözüň dar, hakyky manysynda ol märekäniň öňünde çykyş etmegi başarýan adam diýmekdir. Dilewaryň sözi – bu çeperçilik taýdan işlenen adaty söz bolup, diňleýjilere güýçli täsir ýetiryän sözdür. Şeýlelikde, sözüň hakyky manysynda dilewar bu ýöne gepleýän adam däl-de, märekä ýüzlenmek bilen haýsydyr bir durmuşy wezipäni ýerine ýetirýän adamdyr. Dilewarlyk iň gadymy döwürlerde döreýär. Ol ilkidurmuş adamlarynyň maslahatlarynda olary haýsy-da bolsa bir meseläni çözmäge ugrukdyrýar. Jemgyýetiň ösmegi bilen dilewarlyk adamlaryň durmuşynyň barha köp taraplarynda ulanylyp başlaýar. Umuman aýdanymyzda dilewarlygyň döreýşini we kemala gelmegini birnäçe döwürlere bölmek bolar. Her bir döwürde dilewarlygyň özboluşlylygy, öňde duran maksatlary bardyr. Gadymy wagtlardan bäri çykyşyň maksadyna laýyklykda dilewarlygyň dürli görnüşleri ulanylýar. Olardan öwgi, sud, syýasy, wagyz- nesihat, jedel, sapak,söhbet görnüşlerini bellemek bolar. Dilewarlyk jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda peýdalanylýar: 1) Ýygnaklarda, Halk Maslahatynda, gurultaýlarda, ylmy–amaly maslahatlarda, maslahatlarda ol köpçülige ýolbaşçylyk etmek we syýasy iş geçirmekde ulanylýar. 2) Umumy okuwlar syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalar tarapyndan köpçilige öz pikirlerini, syýasy ugurlaryny, ylmy garaýyşlaryny beýan etmek we ilaty öz tarapyna çekmek üçin ulanylýar. 3) Okuw jaýlarynda mugallymyň janly sözi bilim bermek işiniň özeni bolup durýar. 4). Ylmy dabaralar (simpoziumlar,) hünär okuwlary (seminarlar) ylmy ösdürmekde ägirt uly orun tutýar. 5). Halkara forumlarda çykyş etmeklik öz Watanyňyň daşary syýasatyny düşündirmek we wagyz etmekde uly ähmiýete eye bolýar. 6). Radio we telewideniýe, dokumental kinoda, söhbetler, jedeller, interwýu bermeklik Watanymyzyň syýasatyňy amala aşyrmakda ägirt uly orun tutýar. . Diýmek, öz pikiriňi adamlara düşnükli we täsirli ýetirip bilmeklik hemme ýerlerde-de hökmany bir zatdyr. Emma köp adamlaryň öz pikirini gowy gürrüň berip bilmän, kagyzdan gözüni aýryp bilmeýän adamlara biz häli-şindi duş gelýäris. Şeýle ýagdaý dilewarlyk sowatsyzlygy netijesinde ýüze çykýar. Dilewarlykdan başy çykmaýan adamlar aýdýan pikirleriniň mazmunyny haýsy görnüşde bermelidigini bilenoklar. Ýagny ol näme aýtmalydygyny bilmekden başga-da, nähili aýtmalydygyny hem bilmelidir. Şular bilen birlikde dilewaryň işiniň birnäçe tapgyrlara bölünýändigini hem bellemek gerek. Olary iki esasy topara jemläp bolar: çykyşa taýýarlyk, ýa-da kommunikasiýa çenli edilmeli iş. çykyş, ýa-da kommunikasiýa. Dilewarlyk sungaty - bu dilewaryň adamlara täsir etmek maksady bilen çykyşa taýarlanmak we söz sözlemek üçin toplan bilimleriniň, endikleriniň, başarnyklarynyň jemidir. Dilewarlyk sungatyny öwrenmeklik – bu hakykat ýüzünde tejribe toplamakdyr, ýagny ol diňe bilimleriň jemi dälde, başarnyklaryň, endikleriň hem jemidir. Bu barada beýik rim dilewary Siseron «şahyr bolup dogulýarlar, dilewarlygy öwrenýärler» – diýip ýazypdyr. Garaşsyz Türkmenistanyň öňünde duran ägirt uly meseleler diňe ilatyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşan wagty çözülip biliner. Yaşlarymyzyň dürli pikirleri öňe sürüp çykyş edip bilmekligi ully ähmiýete eýe bolar. Şony göz öňünde tutup ýaş nesil dilewarlygyň çylşyrymly tärlerini ele almalydyr. Dilewarlygyň gadymy wagtlarda döräp ösüşi, kemala gelişi, häzirki wagtda onuň ähmiýeti barada gürrüň edip, şol bir wagtda dilewarlygyň baý tejribesini, onuň tärlerini yaşlara öwrenmelidiris. Dilewarlyk beýleki jemgyýetçilik-syýasy bilimler, ýagny taryh, pelsepe, sosiologiýa, pedagogika, psihologiýa, lingwistika we beýlekiler bilen baglanşyklydyr. Suwa girmän ýüzmegi öwrenip bolmaýşy ýaly, yzygiderli taýarlanmazdan we çykyş etmezden dilewar bolmak mümkin däl. Şonuň üçin nazary bilimleri öwrenmegiň ýörite gönükmeleri, maşklary ýerine ýetirmek bilen utgaşdyrylmagy hem zerurdyr. Ýöne diňe bilimleri, başarnyklary bolan adam diňleýjilerde gyzyklanma döredip bilmez. Her bir çykyşyna ol döredijilikli çemeleşmelidir. Diňe dilewaryň ylhamly, joşgunly çykyş eden mahalynda diňleýjiler oňa gulak salarlar. Görnüşi ýaly dilewarlyk hem-ä sungatdyr, hemem pişedir, işdir. Gadymy dilewarlar Demosfeniň, Siseronyň, Karneginiň ykbalyna göz aýlasaň her bir tutanýerli zähmetiň netijesinde dilewarlykda uly üstünlikler gazanyp boljakdygyny subut edýär. Elbetde her bir adamyň öz şahsy aýratynlyklary bar. Bir adam beýik dilewar bolup biler, beýlekisi- gowy dilewar bolup biler. Emma dilewarlyga düýbünden ukypsyz adam ýok. Güýçli dilewar bolmak üçin ýadawsyz, tutanýerli we üznüksiz işläp, öz bilim derejäňi ýokarlandyrmaly, başarnyklaryňy taplamaly. Dünýäniň köp halklarynda boluşy ýaly, türkmen halky hem gadymy wagtlardan bäri dilewarlygyň ajaýyp nusgalaryny döredipdir. Türkmen halkynyň ata-babalarynyň döreden eposlaryndan iň gadymysy bolan Oguznamada türkmen kowumlarynyň nesilbaşysy bolan Oguzhan, onuň ogullary, ýegenleri we beýleki legendar şahsyýetler hakynda söhbet açylýar. Eposda oguzlaryň ähli işlerine ýolbaşçylyk edýän Oguzhan atamyzyň halkyna ruhybelentligi, ahlak kämilligini, agzybirligi ündeýän ata-Watan ýer-ýurt, toprak, olary goramak, mertlik-gahrymançylyk we ş.m. baradaky öwüt-ündewlerinde nesihatdyr, wesýetlerinde türkmen halkynyň şol eýýämdaky dilewarlygy şöhlelenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda dilewarlyk sungaty-da ösüş ýoluna düşdi. Bu ýyllarda ýurtda bolup geçen özgerişlikler, ösüşler, gatnaşyklar we ş.m. netijesinde dilewarlygyň dürli görnüşleri giňden ulanylyp başlandy. Olardan köpçüligiň öňünde takyk meseleler goýlyp, teklip edilýän durmuş-syýasy we durmuş- ykdysady mowzuklardaky nutuklary, içerki we daşarky syýasatyň meselelri barada maksatnamalaýyn häsýetli syýasy çykyşlary, diplomatik çykyşlary, içeri we daşary syýasy wakalary şöhlenendirýän hem-de gysgaça teswirleýän maglumat- düşündiriş beriji syýasy synlary we beýlekileri görkezmek bolar. Şular bilen birlikde Garaşsyzlyk ýyllarynda ylmy dilewarlyk hem millilige ýugrulan özboluşly ösüşe gadam basdy. Olardan ylmy amaly maslahatlarda, simpoziumlarda, halkara kongreslerinde edilýän ylmy nutugy, ylmyň belli bir pudagy boýunça täze toplanan bilimleri umumylaşdyrmakdan olary tejribelilikde ulanmagyň ýa-da şol ylymyň mundan beýläkde ösmeginiň ýollaryny kesgitleýän ylmy syny, takyk mesele boýunça ylmy barlagyň deslapky netijeleri baradaky ylmy habary we ş.m. bellemek maksada laýyk bolýar. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Şemşat Berdiýewa