Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny täze belentliklere galdyrmak üçin edýän tagallalaryna buýsanjymyzyň çägi ýok. Ýurdumyzda multimedia enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap mekdepler, çagalar baglary, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri we sport desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine şahsy kompýuterleri sowgat bermegi, bilim ojaklarynyň okuw kitaplary bilen birlikde okuw gollanmalarydyr görkezme esbaplary bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy eziz Watanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde uly üstünlikleriň gazanylmagyna getirýär. Şeýle buýsandyryjy aladalar geljegimiziň eýeleri boljak ýaş nesil üçin Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyz: «Biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr» diýip belleýär. («Türkmenistan-sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy») Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berjaý edilmegi ähli üstünlikleriň gözbaşydyr. Ýaramaz endiklerden daşda durmak, arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygyňy berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak barada amala aşyrylýan işler bu gün barmak büküp sanardan köp. Röwşen ertirimiziň girewi bolan ýaşlarymyzy pederlerimiziň asyrlarboýy sünnäläp kemala getiren, çuňňur watançylyk ruhuna ýugrulan ýol-ýörelgeleriniň taglymatlarynyň, edep kada-kanunlarynyň esasynda terbiýelemek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr. Mugallymçylyk kärine tutuş durky bilen berlen Berdimuhamet Annaýewiň çagalara bilim we terbiýe bermekde ulanan usullary häzirki mugallymlar tarapyndan ürç edip öwrenilmeli tejribedir. Her bir mugallym üçin bolsa Berdimuhamet aganyň ömür ýoly nusga bolmalydyr. Aşgabat oblastynyň Kirow raýonynyň «Gyzyl çarwa» kolhozyndaky 6-njy doly däl orta mekdebiň direktory wezipesinde işlän döwründe sagdyn nesli kemala getirmekde Berdimuhamet aganyň alyp baran işlerine degişli şu aşakdaky setirler mugallym tarapyndan okalyp düşündirilse, okuwçylaryň aňynda hemişelik galýar, olarda örän uly täsir galdyrýar. «Çagalar çig suw däl, diňe gaýnan suw içsinler diýip, aşhanada ýörite çaý gaýnadylýan güp we suw içer ýaly saplaw goýuldy. Çagalaryň hajatlary üçin ýörite salnan hem el-ýüz ýuwar ýaly jaýjagazlar wagtly-wagtynda syrylyp-süpürilip duruldy.» (Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romany, 142-nji sah.) «Mugallym hemme wagt öz üst-başyna esewan bolmalydyr, timar bermelidir, her möwsüme görä geýim-eşik geýmelidir. Onuň özi şu kadanam saklaýardy. Ak köýnek, gara jalbar, arassalygyndan ýaldyrap duran köwüş onuň syratyna bezeg berýärdi.» (Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romany, 144-nji sah.) «Anna aganyň daýysy, kakasy Gök baýyň aýal doganynyň ogly Mämiş seýis baradaky gürrüňlerem özbaşyna bir dessan. At iýmini boýnuny süýndürip iýse, onuň boýny uzyn, owadan bolýarmyş. Ýa-da atlaryna çig ýumurtga içirer eken. Şeýdip saklansoň, onuň bedewleriniň bedeni elmydama altyn suwy çaýylan ýaly lowurdap durupdyr. Ýatagyna hemişe ürgün çäge ýazypdyr. Gezdirende-de çägelik ýerde gezdiripdir. Arassa çägäni mör-möjege garşy iň gowy serişde hasap edipdir.» (Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romany, 23-nji sah.) Arassa geýinmegiň, arassa çägede oýnamagyň hem-de iýip-içmekde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmegiň ähmiýeti barada okuwçylara giňişleýin düşünje bermeli. Arassaja geýnip, birinji klasa okuwa barşy Mälikgulynyň iň süýji ýatlamalarynyň biridi. (Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany, 61-nji sah.) Çetenden edilen agylyň arkasynda-ileri tarapda ýorunjalaryň, ýandaklaryň rejelenip basylyşyndan, biraz aňyrrakda ot-çöpleriň aşa tertipli goýluşyndan, mellegiň çilleriniň endiganlygyndan, daş işigiň arassalygyndan, iki ojagyň gapdalynda bir gujak odunyň jaýlaşykly durşundan çen tutsaň, bu öýde tertipli, arassaçyllygy gowy görýän, şonam saklaýan asylly maşgalanyň ýaşaýandygyny bilmek bolýardy. (Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany, 14-nji sah.) Gapynyň iki tarapyndaky nagyşly penjire obalardaky penjirelere asla meňzänok. Özem aýnalar biçak arassa, ol ýap-ýaňyja yhlas bilen ýuwlup arassalanan ýaly görünýär. (Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany, 302-nji sah.) Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda: «Ak öýler türkmen durmuşynda diňe göçüp-gonmak üçin amatly bolman, eýsem ekologoýa taýdan arassa, söküp-düzmesi ýeňil bolan ýaşaýyş jaýydyr» diýip belleýär. (112-nji sah.) Başlangyç synplarda okuw sapaklarynyň üsti bilen şahsy arassaçylyk kadalarynyň ähmiýetini düşündirmekde we onuň bilen baglanyşykly endikleri kemala getirmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Janly rowaýat», «Döwlet guşy» kitaplaryny peýdalanmagyň ähmiýeti örän uludyr. Şahsy arassaçylyk kadalarynyň ähmiýetini düşündirmekde we onuň bilen baglanyşykly endikleri kemala getirmekde hepdelikleri geçirmegiň, hek bilen ýere (asfalta) surat çekmegiň, okuwçylary irki nyzamda çykyş etdirmegiň hem peýdasy, täsiri köpdür, bimöçberdir. Okuwçylara goşgulary, aýdymlary aýtdyrmak, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirtmek hem oňat netijeleri berýär. Täze eşik geýen günüm 1-nji okuwçy: - Geýdirdiler bu gün maňa, Täp-täzeje eşijegi. Begenýärin aýna bakyp, Berýär gowy gelşijegi. 4-nji okuwçy: - Akar ýaba golaý baryp, Öl etmegin çepejigi! Oklap-gapyp pökgi ýaly, Zyňaýmagyn papajygy! 2 2-nji okuwçy: - Aýu, balam, aýdýan saňa, Gezäýmegin ýakalaşyp! Täp-täzeje köýnegiňi Ýyrtaýmagyn çekeleşip! 1-nji okuwçy: - Daýy-daýza, ejem dagy Tabşyrýarlar pugta maňa. Täp-täzeje bolsa eşik, Bolmalymy nogta maňa?! 3-nji okuwçy: - Täp-täzeje balajygyň Tigiriňe ilişmesin! Hapalama eşigiňi, Guzym, çägä bulaşma sen! Wah, etdiler bizar-peteň, Nädeýin men, nädeýin men? Geýip köne eşijegmi, Oýnamaga gideýin men, Iň gowusy şeýdeýin men! (Azat Rahmanow) 5-nji okuwçy: - Oýnamaga gideňde täze eşikli gitseň, bolmanam, üst-başyňy hapalatmajak bolup öýüňdäkileriň hersi bir zat diýer-dä. Täze eşigi toýa gideňde geýmeli. Toýa gideňde! 6-njy okuwçy: - Biziň ähli egin-eşiklerimiz hemişe edil şu gün geýlen täze eşik ýaly doňupjyk durmaly. Biz üst-başymyzy elmydama tämizje, arassaja saklamaly. «Böwenjigi» terbiýelemek Böwenjik:-Çagalar, siz bu ýerde näme işleýärsiňiz? Okuwçylar:-Okaýarys, ýazýarys, bilim-terbiýe alýarys. Böwenjik:-Iýer ýaly üzümiňiz barmy? Okuwçylar:-Hanha, eliňde alma bar-a. Üzümi näme etjek? Böwenjik:-Aý, üzüm bolsa onam iýäýjekdim-dä. Waý, waý, Içim, içim agyrýar. 1-nji okuwçy:-Agyrsa miweleri Sen indi ullakana Ýuwup, ýuwup iýdä sen Oýlan-da boldy bir çen. Böwenjik:-Satyn aldym bazardan Almadyma hapadan. 2-nji okuwçy:-Hapadan almak gerekmi? Gaýta elleriňem ýuw Iýmek üçin miwäni, Iýmezden öň miwäni. Böwenjik:-Bolýar elimi ýuwaryn Kömek ediň tiz maňa Ýuwup iýerin miwäni, Çagyraýyň lukmany. 3-nji okuwçy:-Allo, allo tiz kömek, Gelerin diýdi lukman Bize-de kömek gerek Sapak bolsun bu hökman Böwenjik geldi bize Ýuw eliňi, miwäni Iýipdir ol miwäni Iýmezden öň howlukman. Ýadyndan çykarypdyr Iýmezden öň ýuwmany. Böwenjik:-Bolýar sapak edindim Gaýdyp alman elime Dostlar, bagyşlaň meni, Ýuwulmadyk miwäni. «Gurjaklaryň» çykyşy - Salam, çagalar! Salam, hormatly myhmanlar! Häzir men size bir goşgujyk aýdyp berjek. Üns berip diňläň! Bolýamy?! Okuwçylar:-Bolýa. -Salawmaleýkim, Suw aga, Arassa elim bilen Elim-ýüzüm ýuw, aga! Ile hyzmat edeýin. El-ýüzüme seretse, Arassa ýüzüm bilen Diýsin iller: «Arassa!» Oňa başym egeýin! Meniň aýdyp beren goşgymy haladyňyzmy?! Okuwçylar:-Hawa. -Häzir men size bir tapmaça aýdyp berjek. Üns berip diňläň-de jogabyny aýdyň! Bolýamy?! Okuwçylar:-Bolýa. -Gaýtalanýar şeýle bir ses: Ýalaňaçlap kellelerni, «Ös, saçym, ös!» Çarpyp, çarpyp ellerini, «Ös, saçym, ös!» Bökjekleşýär çaga bary. Bökýär Merýem, Bökýär Çary, BökýärAzat, Bökýär Gülnar... Bil-dä, şu wagt näme bolýar? (Kasym Nurbadow) Okuwçylar:-Ýagyş ýagýar. -Dogry, bildiňiz, berekella! -Üns berip diňläniňiz üçin sag boluň! Okuwçylar:-Sag boluň! Arassaçylyk saglykdyr 1-nji okuwçy -Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr. Eger adam näsaglasa ol okap hem, işläp hem bilmeýär. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz adamlaryň saglygy hakdaky alada uly üns berýär. 2-nji okuwçy:-Sagdyn bolmak üçin näme etmeli? Sagdyn bolmak üçin durmuş ýörelgelerini, ýagny iýmitlenmegi dogry ýola goýmaly. Hiç haçan çig suw içmeli däl. Gök-önümleri we miweleri ýuwup iýmeli. 3-nji okuwçy:- Nahardan öň we soň eliňi sabynlap ýuwmaly. Hajathanadan çykanyňdan soň hem elleriňi sabynlap ýuwmaly. Arassaçylygyň düzgünlerini pugta berjaý etmeli. «Arassaçylyk-saglykdyr» diýipdirler. Saglygyňyzy goraň! Ýaş nesle berilýän bilimdir terbiýäniň has kämil bolmagy üçin biz işimizi täzeçe guramalydyrys, nesil terbiýesine öz halal zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. Gözel Diýarymyzyň bagtyýar körpelerine çuňňur bilim we asylly terbiýe bermek üçin örän uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş aýdýarys. Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy, «Watana bolan söýgüsi» üçin medalynyň eýesi, zähmet weterany Mämmetgulyýewa Ogulşirin Amanmyradowna

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 57 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→