Şu ýylyň 7-8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi. Habarda bellenilişine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy (A/81/460); «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň Jemleýji resminamasy (A/81/461); «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribe» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy (A/81/459) Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi. Agzalan resminamalaryň Birleşen Milletler Guramasynyň alty sany resmi dilinde çap edilmegi Türkmenistanda geçirilen çäreleriň netijeleriniň giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygyny hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetini görkezýär diýlip, daşary syýasat edarasynyň habarynda nygtalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→