Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Teýmur Çaryýew bilen Mihail Titow 2026-njy ýylyň futbol möwsümini Gyrgyzystanyň çempionatynda sanawyň ilkinji iki ornunda tamamladylar. Çaryýewiň ýarym goragçy hökmünde çykyş edýän Karakolyň «Bars» topary altyn medal gazandy. Hüjümçi Titowyň oýnaýan «Uzgen» topary bolsa kümüş medala eýe boldy. «Bars» çempion boldy 8-nji noýabrda Karakol şäherinde möwsümiň jemleýji tapgyrynyň «Bişkek Siti» toparyna garşy geçirilen duşuşygyndan (2:1) soň «Bars» toparyna altyn medallar gowşuryldy. Topar 29-njy tapgyrdan soň, öz meýdançasynda Manas şäheriniň «Muras Ýunaýted» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, çempionlygyny möhletinden öň kepillendirdi. Bu «Bars» toparynyň yzly-yzyna gazanan ikinji çempionlygydyr. Indiki möwsümde klub AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda Gyrgyzystana wekilçilik eder. Çaryýewiň çykyş edýän «Bars» topary Gyrgyzystanyň çempiony boldy, Titowyň «Uzgeni» kümüş medala mynasyp boldy «Uzgeniň» kümüş medal ugrundaky göreşi Soňky tapgyryň öňüsyrasynda iki toplum medal üçin üç topar göreşýärdi. Ikinji orunda barýan we «Uzgen» toparyndan üç utuk öňde bolan Bişkekiň «Alga» toparynyň mümkinçilikleri has ýokarydy. Oňa «Talant» toparynyň meýdançasynda deňme-deň oýnamak hem ýeterlikdi. Emma bu oýunda Bişkekiň topary 1:2 hasabynda ýeňilýär. Şol bir wagtyň özünde «Uzgen» öz meýdançasynda «Neftçi» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, «Uzgen» utuk sany boýunça «Alga» bilen deňleşdi we goşmaça görkeziji — gazanylan ýeňişleriň sany boýunça garşydaşyndan öňe geçdi. Bürünç medal bolsa «Alga» toparyna nesip etdi. Teýmur Çaryýew «Bars» toparyna 2026-njy ýylyň ýanwarynda geçdi. «Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä, ýarym goragçy şu möwsümde 25 duşuşykda meýdança çykyp, iki netijeli pas berdi. Futbolçynyň topar bilen şertnamasy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär. Onuň transfer bahasy 250 müň ýewro diýlip kesgitlenýär. Mihail Titow 2025-nji ýylyň fewral aýyndan bäri «Uzgen» toparynda çykyş edýär. 2026-njy ýyl möwsüminde hüjümçi 22 duşuşykda oýnap, sekiz gol geçirdi we dört netijeli pas berdi. Geçen möwsümde hem onuň hasabynda sekiz gol we üç netijeli pas bardy. Futbolçynyň şertnamasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär. Onuň transfer bahasy 200 müň ýewro diýlip bahalandyrylýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→