Kataryň Doha şäherinde Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, 9 — 27-nji noýabry aralygynda dowam edýän bu halkara çäre dört ýylda bir gezek geçirilip, telekommunikasiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan HTB-niň ýokary derejeli çözgütleri kabul ediji forumydyr. Maslahatyň gün tertibinde dünýä telekommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek, sanly aragatnaşyga maýa goýumlaryny çekmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sanly hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen wekiliýeti Dohada geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň maslahatyna gatnaşýar Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Estoniýanyň adalat we sanly işler boýunça ministri hanym Liisa-Ly Pakosta bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri boýunça pikir alyşdylar hem-de telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň ýolbaşçylary we daşary ýurtlaryň aragatnaşyk ministrleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→