Aşgabat şäherindäki Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Özbek diliniň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berdi. Çäräni ýokary okuw mekdebi bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde gurady. Dabaranyň açylyşyna institutyň okuw işleri boýunça prorektory Selbi Batyrowa gatnaşdy. Özbegistanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işleri ynanylan wekili Žasur Aşurow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, dil we edebiýat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň halklaryň ýakynlaşmagyna hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini bellediler. Baýramçylyk çäresiniň çäklerinde institutyň dil öwreniji talyplary we «Altyn miras» medeni merkeziniň agzalary edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Onda iki ýurduň aýdymlary we halk tanslary ýerine ýetirildi, ene dil baradaky goşgular okaldy. Şeýle hem filologiýa hünärinde bilim alýan talyplaryň arasynda «Türkmenistan we Özbegistan: taryhy kökler, umumy geljek» atly mowzukda geçirilen esse bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Baş baýrak iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Durdyýewa berildi. Birinji orna rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aziza Gurbanbaýewa, ikinji orna gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Leýli Öwlýagulyýewa, üçünji orna bolsa Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Amangül Toýlyýewa mynasyp boldy. Ýeňijilere baýraklar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.