Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahaty (COP31) geçirilýär. Ýokary derejeli çärä 95 döwletiň ýolbaşçylarynyň we ýedi halkara guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahat ilkinji gezek Türkiýede geçirilýär we oňa alty yklymyň wekilleri gatnaşar. Türkiýäniň Daşky gurşaw, şähergurluşyk we howanyň üýtgemegi ministrliginiň habar bermegine görä, sammit 9–20-nji noýabr aralygynda dowam eder. Oňa konwensiýa gatnaşyjy 196 döwletiň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşarlar. Maslahata 37 döwletiň Baştutanynyň, 35 hökümet başlygynyň, sekiz wise-prezidentiň, ýedi wise-premýeriň, iki mirasdüşer şazadanyň, bir şazadanyň, bir parlament başlygynyň we dört sany ýörite wekiliň gelmegine garaşylýar. Halkara guramalaryndan hem ýokary derejede wekiller gatnaşar. Olaryň hatarynda Ýewropa komissiýasy, Birleşen Milletler Guramasy, BMG-niň Baş Assambleýasy, Bütindünýä banky, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Halkara energetika agentligi bar. Ýewropa ýurtlaryndan maslahata Awstriýa, Beýik Britaniýa, Bosniýa we Gersegowina, Bolgariýa, Finlýandiýa, Kipriň grek bölegi, Niderlandlar, Ispaniýa, Şwesiýa, Italiýa, Çernogoriýa, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Demirgazyk Makedoniýa, Lihtenşteýn, Malta, Moldowa, Norwegiýa, Russiýa, Sloweniýa we Ukraina halkara maslahata gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Afrika yklymyna wekilçilik etjek 24 döwletiň arasynda Alžir, Efiopiýa, Kot-d’Iwuar, Liwiýa, Madagaskar, Mozambik, Ruanda, Somali we Tanzaniýa bar. Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan Azerbaýjan, Bangladeş, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý, Indoneziýa, Ermenistan, Koreýa Respublikasy, Gruziýa, Yrak, Eýran, Katar, Gazagystan, Gyrgyzystan, Kuweýt, Liwan, Malaýziýa, Özbegistan, Pakistan, Siriýa, Saud Arabystany, Täjigistan we Türkmenistan, şeýle hem Palestina we Yragyň Kürt sebit dolandyryşy wekilçilik eder. Latyn Amerikasyndan Boliwiýanyň, Braziliýanyň, Gaýananyň we Wenesuelanyň wekilleri geler. Karib deňzi sebitiniň ýurtlaryndan Antigua we Barbuda, Bagam adalary, Barbados, Sent-Kits we Newis, şeýle hem Sent-Lýusiýa wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Awstraliýa we Okeaniýa sebitine Awstraliýa, Kiribati, Marşall adalary, Mikroneziýanyň Federatiw Ştatlary, Niue, Palau, Solomon adalary, Tonga we Tuwalu wekilçilik eder. Gatnaşyjy taraplaryň maslahaty (COP) 1992-nji ýylda kabul edilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň iň ýokary çözgüt kabul ediji edarasydyr. Her ýyl geçirilýän maslahatlarda ýurtlar konwensiýanyň ýerine ýetirilişine seredýärler, dünýä derejesinde gazanylan öňegidişliklere baha berýärler we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça çözgütleri kabul edýärler. Çözgütler sesleriň köplügi bilen däl-de, ähli taraplaryň ylalaşmagynyň esasynda kabul edilýär. Öňki maslahatlaryň netijesinde, hususan-da, Kioto teswirnamasy we Pariž ylalaşygy kabul edilipdi. COP31 maslahatynda Türkiýe kabul ediji ýurt hökmünde çykyş eder we maslahata başlyklyk eder. Gepleşikleriň geçirilmegine bolsa Awstraliýa ýolbaşçylyk eder. Prezidentiň degişli resminamasyna laýyklykda, maslahatyň başlygy wezipesine Türkiýäniň Daşky gurşaw, şähergurluşyk we howanyň üýtgemegi ministri Murat Kurum bellenildi. Türkiýäniň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy «dialog», «ylalaşyk» we «hereket etmek» ýörelgelerine esaslanýar. Maslahat «Amaly durmuşa geçirmek boýunça COP» hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň esasy maksady yglan edilen howa maksatlaryny anyk amaly çärelere öwürmekden ybaratdyr. Maslahatyň esasy ara alyp maslahatlaşyljak meseleleriniň howa boýunça maliýeleşdiriş, adalatly energetika geçişi, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we zyýanly zyňyndylary azaltmak bilen bagly bolmagyna garaşylýar. Iň möhüm ugurlaryň biri hem senagatlaşmadan öňki döwür bilen deňeşdirilende, Ýer ýüzündäki ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny 1,5 gradus derejesinde çäklendirmek maksadyna ýetmek üçin zerur çäreleri maliýeleşdirmek bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→