Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk-hukuk bölümi üçin boş iş ornunyň bardygyny habar berdi. 2027-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda çaga seretmek üçin berilýän rugsat döwründe işde bolmajak kärdeşiniň ornuny wagtlaýyn eýelemek üçin işgär kabul edilýär. Wezipesi boýunça esasy borçlar şulardan ybarat: ilçihana gelýän raýatlary kabul etmek (nemes, türkmen we rus dillerini bilmek hökmandyr); wiza almak üçin tabşyrylýan arzalary kabul etmek we olary işlemek; arza berijiler bilen hat alyşmak we telefon arkaly gepleşikleri geçirmek; wiza resminamalaryny arhiwleşdirmek. Resminamalar 2026-njy ýylyň 24-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Boş iş orny we dalaşgärlere bildirilýän talaplar baradaky giňişleýin maglumat ilçihananyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→