Türkiýede kärhanada bolan güýçli partlama netijesinde üç adam heläk boldy, 14 adam ýaralandy, ýene 10 adam harabalygyň astynda galdy. Bu barada «A Haber» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. «Biziň üç raýatymyz gurban boldy, 14 adam ýaralandy, olaryň üçüsiniň ýagdaýy agyr. Harabanyň aşagynda galan on adamy halas etmek işleri dowam edýär» diýip, Izmiriň gubernatorlygynda habar berdiler. Betbagtçylyk 9-njy noýabrda HABAŞ Demir-Çelik zawodynda boldy. Partlamadan soňra sehleriň birinde ýangyn başlandy. Partlamanyň sebäbi we ýitginiň möçberi barada habarda agzalmaýar.