Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde 10–30-njy oktýabr aralygynda Margiananyň gadymy mozaika ýygyndysyny gorap saklamak maksady bilen giň gerimli rejeleýiş işleri geçirildi. Çylşyrymly konserwasiýa işlerini ýerine ýetirmek üçin Russiýanyň Döwlet rejeleýiş ylmy-barlag institutynyň Ylmy rejeleýiş bölüminiň ýokary derejeli suratkeş-rejeleýjisi Galina Wersoskaýa çagyryldy — diýip, ussatnews.com saýtynyň habar berýär. Taslama Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N. Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň arasynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→