Aşgabatda Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Allamyrat Muhammedowyň «Mukaddes pata» atly şahsy surat sergisi açyldy. Bu sergi suratkeşiň 75 ýaş ýyl ýubileýine bagyşlanýar. Açylyş dabarasy 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde boldy. Sergi 10 günüň dowamynda açyk bolar. Ýubileý sergisinde ussadyň dürli žanrlarda döreden iň gowy işleri görkezilýär. Taryhy eserleriň arasynda «Soltanlygyň hutbasyny Muhammet Togrul bege gowşurmak», «Adalatlylygyň berkarar bolmagy», «Oguz ýurdy», «Mukaddes pata», «Gadymy kerwen ýoly», «Horasan daglary» we «Rowaýatlaryň täzeden janlanmagy» ýaly işler bar. Allamyrat Muhammedowyň işleri köp ýurtlarda mälimdir. Olar dünýäniň 30-dan gowrak halkara we şahsy sergilerinde görkezildi. Awtoryň döredijiliginde realizm, impresinizm we awangard sungatynyň alamatlary utgaşýar. Ol reňkleriň sazlaşygyna, kompozisiýanyň täsirliligine we jikme-jiklikleri işläp taýýarlamaga aýratyn üns berýär. Bu sergi tomaşaçylara suratkeşiň döredijilik dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga we onuň mirasyny gorap saklamaga mümkinçilik berýär.