Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň maksatnamasy tamamlananyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Türkmenistana ugrady. Birnäçe sagatdan soň döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Astanada geçirilen emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýn bilen duşuşdy. Ýeri gelende bellesek, 2015-nji ýylda döredilen Akaba prosesi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy göreşmek babatda tagallalary birleşdirmek üçin abraýly halkara meýdança hökmünde bellidir. Bu format döwlet Baştutanlaryny, halkara bilermenleri we tehnologik kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär. Ählumumy wehimleriň üýtgemegi bilen Akaba prosesiniň gün tertibi sanly giňişligi goramak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek ýaly meseleleri hem öz içine alýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Astanada geçirilen ýokary derejeli duşuşyk bu prosesiň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→