Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýn bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşler «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygynyň çäklerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiklerini bellediler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Iordaniýa bilen deňhukukly we özara hormat goýmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, bu duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berip: «Biz Iordaniýa bilen BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmäge, şeýle hem parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardyrys» diýip aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde emeli aň tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösmegini nazara almak bilen, olaryň howpsuz we jogapkärli ulanylmagyny üpjün etmek meselesiniň halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýändigini belläp, Akaba prosesiniň çäklerinde bu mesele boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmagyň aýratyn ähmiýetini belledi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Patyşa Abdulla II bin Al Husseýni özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Iordaniýanyň Patyşasy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, bu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→