Pop aýdym-saz äleminiň şasy Maýkl Jeksonyň gyzy Peris Jekson kakasyndan galan mirasdan 600 million dollar tereke berilmegini talap etdi. Onuň pikiriçe, kakasynyň mirasyna gözegçilik edýän wekil mirasdüşerlere degişli serişdeleri bermegi esassyz gijikdirýär. Bu barada Page Six neşiri habar berýär. 28 ýaşly aýdymçy we aktrisa Peris Jekson kakasynyň miras goýan emlägini dolandyrýan hukukçy Jon Branaky merhumyň çagalarynyň özlerine degişli serişdelerden peýdalanmagyna mümkinçilik döretmeýänliginde aýyplaýar. Perisiň aýtmagyna görä, Maýkl Jeksonyň mirasy milliardlarça dollar girdeji getirmegini dowam etdirýär. Emma onuň özi we doganlary — 29 ýaşly Prins hem-de 24 ýaşly Biji üçin döredilen ynanç gaznasyna degişli tölegler geçirilmeýär. Şeýle-de ol mirasdan tölenjek pullaryň möçberiniň we onuň berilmeli wagtynyň Brankanyň kararyna baglydygyny belleýär. Aýdymçynyň wesýetine laýyklykda, onuň çagalary 21 ýaşyna ýetenden soň ynanç gaznasyndaky öz paýlaryndan girdeji alyp başlamalydy. Emma Perisiň şikaýatyndan çen tutsaň, bu düzgün häzire çenli ýerine ýetirilmändir. Jon Branka Maýkl Jekson bilen ilkinji gezek 1985-nji ýylda işleşip başlapdyr. Ol 2006-njy ýylda aýdymçynyň toparyndan gidip, 2009-njy ýylda, Maýkl Jeksonyň aradan çykmagyndan sekiz gün öň ýene-de onuň toparyna dolanypdyr. Häzirki wagtda ol The Michael Jackson Company kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesini eýeleýär. Maýkl Jekson 2009-njy ýylyň 25-nji iýunynda 50 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ölüminden soň aýdymçynyň mirasy bilen baglylykda mirasdüşerleriň we bergidarlarň arasynda uzak wagtlap jedeller dowam etdi.